Eýranyň ýadro alymynyň öldürilmeginde sionist režimiň we munafyklaryň roly
Eýranyň ýokary derejeli ýadro alymynyň janyna kast edilmegine sionist režimi we munafyklaryň terror topary gatnaşdylar.
"Iran Press" tarapyndan alnan goşmaça maglumata görä, görnükli ýadro we goranmak alymy, şehit bolan "Mohsen Fahrizadeh" -iň öldürilmegi Nissan ulagyna oturdylan uzakdan dolandyrylýan proýekt tarapyndan amala aşyryldy.
Bu maglumata görä, Ysraýylda öndürilen uzakdan dolandyrmak toplumy bilen enjamlaşdyrylan ok, Şehit Fahrizadehiň suraty görünen badyna atyldy.
Alnan maglumatlar, şeýle hem, “Nissan” awtoulagynyň saýlanmagynyň, Şehit Fahrizadeni hemralyk edýän topara zyýan bermek we bar bolan şaýatlyklary doly ýok etmek üçin edilendigini görkezýär.
Eýranyň metbugat habar gullugynyň habarçysy şeýle hem Eýranyň ýadro alymynyň janyna kast edilmegi barada jikme-jik resminamalary aldy, bu maglumatlar Ysraýyl režiminiň aňtaw gullugynyň we terrorçy munafyklar toparjygynyň bu kast edişde rol oýnanlygyny tassyklaýar.
Iran Press habar gullugy tarapyndan alnan maglumata görä Eýranyň goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy "Mohsen Fahrizadeh-niň janyna kast etmekde terrorçylaryň ulanan ýaragynyň galyndylary bu ýaragyň Ysraýylda ýasalandygyny görkezýär.