Eýranyň ýadro alymynyň öldürilmeginde sionist režimiň we munafyklaryň roly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9440-eýranyň_ýadro_alymynyň_öldürilmeginde_sionist_režimiň_we_munafyklaryň_roly
Eýranyň ýokary derejeli ýadro alymynyň janyna kast edilmegine sionist režimi we munafyklaryň terror topary gatnaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 30, 2020 11:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ýadro alymynyň öldürilmeginde sionist režimiň we munafyklaryň roly

Eýranyň ýokary derejeli ýadro alymynyň janyna kast edilmegine sionist režimi we munafyklaryň terror topary gatnaşdylar.

"Iran Press" tarapyndan alnan goşmaça maglumata görä, görnükli ýadro we goranmak alymy, şehit bolan "Mohsen Fahrizadeh" -iň öldürilmegi Nissan ulagyna oturdylan uzakdan dolandyrylýan proýekt tarapyndan amala aşyryldy.

Bu maglumata görä, Ysraýylda öndürilen uzakdan dolandyrmak toplumy bilen enjamlaşdyrylan ok, Şehit Fahrizadehiň suraty görünen badyna atyldy.

Alnan maglumatlar, şeýle hem, “Nissan” awtoulagynyň saýlanmagynyň, Şehit Fahrizadeni hemralyk edýän topara zyýan bermek we bar bolan şaýatlyklary doly ýok etmek üçin edilendigini görkezýär.

Eýranyň metbugat habar gullugynyň habarçysy şeýle hem Eýranyň ýadro alymynyň janyna kast edilmegi barada jikme-jik resminamalary aldy, bu maglumatlar Ysraýyl režiminiň aňtaw gullugynyň we terrorçy munafyklar  toparjygynyň  bu kast edişde rol oýnanlygyny tassyklaýar.

Iran Press habar gullugy tarapyndan alnan maglumata görä Eýranyň goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy "Mohsen Fahrizadeh-niň janyna kast etmekde terrorçylaryň ulanan ýaragynyň galyndylary bu ýaragyň Ysraýylda ýasalandygyny görkezýär.