Eýranda koronadan ölenleriň sany 371 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9442-eýranda_koronadan_ölenleriň_sany_371_adama_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 371 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 30, 2020 14:08 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronadan ölenleriň sany 371 adama ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 371 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 13 müň 321 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2,277-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.

Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 962,70-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 371 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 48 müň 246 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 668,152 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 63 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,466,000-si öldi we azyndan 43,000,000 adam sagaldy.