Ruhani: Duşman Eýranyň ykdysadyýetini duruzmak maksadyna ýetmändigine gaharlanýar
Dec 01, 2020 21:05 Asia/Ashgabat
ABŞ-nyň Tehrana garşy iň ýokary basyş syýasatynyň şowsuzlygy barada aýdyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Duşman, Eýranyň ykdysadyýetini duruzmak maksadyna ýetmändigine gaharlanýar" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni hökümetiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde Duşmanyň sanksiýalary ýurduň ykdysadyýetine, halkyň durmuşyna azak- tenek zyýan ýetirse-de, duşman sanksiýalaryň esasy maksadyna we Eýranyň ykdysadyýetiniň çökmegi bilen baglanyşykly niýetine ýetmedi we sanksiýalaryň netijeleriniň zyýansyzlandyrylandygyny berk boýun alyp bolar diýdi.