Sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki çäreler baradaky kanun döwlete yglan edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9465-sanksiýalary_ýatyrmak_üçin_strategiki_çäreler_baradaky_kanun_döwlete_yglan_edildi
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, prezident tarapyndan durmuşa geçirilmeli sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki çäreler baradaky kanuny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2020 18:58 Asia/Ashgabat
  • Sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki çäreler baradaky kanun döwlete yglan edildi

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, prezident tarapyndan durmuşa geçirilmeli sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki çäreler baradaky kanuny yglan etdi.

Eýran Yslam şura mejlisiniň Prezidiumynyň agzasy "Ahmad Amirabadi Farahani" Radio we telewideniýe gullugyna beren interwýusynda Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf çarşenbe güni Konstitusiýanyň Goragçylar Geňeşini tassyklandan soň, prezident Hasan Ruhanä sanksiýalary ýatyrmak we Eýran halkynyň bähbitlerini goramak boýunça strategiki çäreler baradaky kanuny yglan edip hat iberdi diýdi.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň prezidiumynyň agzasy sözüniň üstüni ýetirdi: Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Başlygynyň Prezidente ýazan haty, sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki hereket kanunyny durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan habar berildi.

Sanksiýalary ýok etmek we Eýran milletiniň hukuklaryny goramak boýunça dokuz maddasy bolan bu strategiki hereket baradaky kanuna laýyklykda, Eýran döwleti, ýadro şertnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň borçlary ýerine ýetirilmedik halatynda bu kanun kabul edilenden bir aý soň goşmaça teswirnamanyň meýletin ýerine ýetirilmegini togtatmalydyr.

Şeýle hem, 7-nji madda laýyklykda, P4 + 1 ýurtlary (Fransiýa, Orsýet, Hytaý, Angliýa we Germaniýa) öz borçnamalaryny ýerine ýetirip, Eýran Yslam respublikasyna garşy ýadro, harby, adam hukuklary we şuňa meňzeş sanksiýalary ýatyrsalar dňwlet görülýän çäreler barada parlamente jikme-jik hasabat bermäge borçlydyr.