Eýranda koronadan ölenleriň sany 347 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 13000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 347 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 13 müň 341 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 1,996-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň bir million 16 müň 835-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 347 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 49 müň 695 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 708,106 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 65 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,513,000-si öldi we azyndan 45,000,000 adam sagaldy.