Garibabadi: Agentligiň gizlin hasabatynyň syzdyrylmagyny kanuny taýdan yzarlarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Wenada ýerleşýän halkara guramalaryndaky hemişelik wekili, Agentligiň soňky gizlin hasabatynyň Günbatar metbugatynyň birinde çap edilmegine salgylanyp, ýakyn wagtda Eýranyň bu ugurdaky kanuny gözlegleri we yzarlamalary çynlakaý dowam etdiriler diýdi.
Kazem Gharibabadi şenbe güni beren gürrüňlerinde ähli howpsuzlyk çäreleri we ýadro ylalaşygyna degişli habarlary, şeýle hem Eýran bilen IAEA arasyndaky hat alyşmalaryň gizlin bolmalydygyna yşarat edip Eýranyň gizlin maglumatlary goramak babatynda IAEA-a garşy nägilelikleri we kazyýet işleriniň ýigrimi ýyldan gowrak taryhy bardyr diýdi.
Günbatar metbugaty geçen anna güni Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň agza döwletlere Eýranyň Natanz ýadro desgasynda has ösen IR-2M sentrifiuž enjamlaryny oturtmak kararyna gelendigini habar berdi diýip yglan etdiler.
Bu, IAEA-nyň Eýranyň ýadro işleri barada bolan gizlin hasabatlarynyň metbugata ýaýramagynyň ilkinji gezegi däldir.
Ondan öň Orsýetiň Wenada ýerleşýän Halkara Atom Energiýasy Guramasyndaky (IAEA) hemişelik wekili Mihail Uýanow hem IAEA-nyň gizlin habarlarynyň metbugatda açylmagyna nägilelik bildiripdi.
Bu habar, Günbatar metbugatynda sanksiýalary ýatyrmak üçin Eýran parlamentiniň Strategiki Hereket meýilnamasy umumy tassyklanylandan gysga wagt soň ýaýrady.