Eýranda koronadan ölenleriň sany 294 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 11000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 294 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 11 müň 561 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 1,333-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň bir million 40 müň 547-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 294 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 50 müň 310 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 730,798 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 67 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,536,000-si öldi we azyndan 46,000,000 adam sagaldy.