Raeisi: Amerikanyň tekepbir we eziji häsiýeti respublikan we demokraty tanamaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9485-raeisi_amerikanyň_tekepbir_we_eziji_häsiýeti_respublikan_we_demokraty_tanamaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet häkimliginiň başlygy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tekepbir we eziji häsiýeti, respublikan we demokraty tanamaýandygyny aýdyp, güýçli Eýrany tekepbirlik bilen göreşmegiň ýeke-täk usuly diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 06, 2020 18:31 Asia/Ashgabat
  • Raeisi: Amerikanyň tekepbir we eziji häsiýeti respublikan we demokraty tanamaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet häkimliginiň başlygy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tekepbir we eziji häsiýeti, respublikan we demokraty tanamaýandygyny aýdyp, güýçli Eýrany tekepbirlik bilen göreşmegiň ýeke-täk usuly diýip atlandyrdy.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Kazyýet häkimliginiň başlygy "Seýed Ybrahim Raeisi" ýekşenbe güni, Talyplar güni mynasybetli Tähranda talyp guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygynda şeýle diýdi:1953-nji ýyldaky Amerika häzirki döwürde has peselendir diýmek bilen Amerikalylaryň Günbatarda şu gün döredýän dawa-jenjellerini hiç zat bilen basyryp bolmaz däl we bu ruswaçylyk günsaýyn artýar.

Raeisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy häzirki wagtda sebitde öňküsinden has köp güýje eýedir diýmek bilen Amerikany gynandyrýan zat Yslam Eýranyň güýjidir diýdi.

Eýranyň kazyýet häkimliginiň başlygy sözüniň dowamynda şehidi "Mohsen Fahrizadeh"i ýurduň ýadro we goranyş senagatynda görnükli alymy, howplary we sanksiýalary zyýansyzlandyrmagyň nyşany hasaplamak bilen ulumsylyga we kolonializme garşy çykmak, Eýran Yslam Respublikasynyň mertebesiniň açarydyr diýdi.

Şu gün (ýekşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň senenamasynda 1399-njy(HŞ) ýylyň 16-njy Azary (2020-nji ýylyň 6-njy dekabry) Talyplar güni diýlip atlandyrylýar.