Yslam şura mejlisiň Eýranyň goranmak ukybyny güýçlendirmek karary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9486-yslam_şura_mejlisiň_eýranyň_goranmak_ukybyny_güýçlendirmek_karary
Eýranyň parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy, ýurduň goragyny güýçlendirmek üçin mejlisiň berk kararyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 07, 2020 10:01 Asia/Ashgabat
  • Yslam şura mejlisiň Eýranyň goranmak ukybyny güýçlendirmek karary

Eýranyň parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy, ýurduň goragyny güýçlendirmek üçin mejlisiň berk kararyny yglan etdi.

Eýran Yslam şura mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Hojjatolyslam "Mojtaba Zulnoor", Mehr habarlar gullugyna beren interwýusynda ýurduň goranyş býudjetiniň ähmiýetine yşarat edip goranmak pudagy ýurduň iň möhüm elementidir we parlament, esasanam Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasy goranyşy has-da güýçlendirmek we bu pudagyň meselelerini çözmek üçin işlär diýdi.

Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy: Yslam respublikasynyň duşmanlarynyň abanýan howplaryny göz öňünde tutup, ýurduň goranyş pudagy mümkin boldugyça güýçlendirilmelidir diýdi.