Yslam şura mejlisiň Eýranyň goranmak ukybyny güýçlendirmek karary
Eýranyň parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy, ýurduň goragyny güýçlendirmek üçin mejlisiň berk kararyny yglan etdi.
Eýran Yslam şura mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Hojjatolyslam "Mojtaba Zulnoor", Mehr habarlar gullugyna beren interwýusynda ýurduň goranyş býudjetiniň ähmiýetine yşarat edip goranmak pudagy ýurduň iň möhüm elementidir we parlament, esasanam Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasy goranyşy has-da güýçlendirmek we bu pudagyň meselelerini çözmek üçin işlär diýdi.
Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy: Yslam respublikasynyň duşmanlarynyň abanýan howplaryny göz öňünde tutup, ýurduň goranyş pudagy mümkin boldugyça güýçlendirilmelidir diýdi.