Zarif Eýran bilen Siriýanyň arasynda has hüşgärligiň we ylalaşygyň zerurdygyny nygtady
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň, Siriýanyň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň arasynda has hüşgärligiň we ylalaşygyň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen bolan duşuşygynda Siriýadaky syýasy prosesiň dowam etmeginden hoşaldygyny aýtmak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Astana prosesine goldaw berýändigini gaýtalady we bosgunlar barada ýakynda geçirilen sammita oňyn baha berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde Siriýa berýän goldawyna ýokary baha beren Siriýanyň Daşary işler ministri, ABŞ-nyň sebitdäki dartgynlylygyň güýçlenmegine sebäp bolan adaty bolmadyk hereketlerine ünsi çekdi we munuň Sebitde Sionist bähbitleriniň ABŞ-nyň bähbitlerinden ileri tutulýandygyny we baha berilýändigini aýtdy.
Faýsal Mikdad Siriýanyň döwletiniň terrorçylyga garşy göreşi dowam etdirmek baradaky kararyny ýene bir gezek gaýtalady we bu meselede Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygy möhüm hasaplap muny Siriýa parahatçylygyň we asudalygyň dolanmagy üçin möhüm ädim diýip atlandyrdy.
Şeýle hem Siriýanyň Daşary işler ministri Eýran döwletine we halkyna Prezident Başar al-Assadyň we Siriýanyň halkynyň şehit bolmagy mynasybetli Mohsen Fahrizadehiň we general Kassem Soleýmanyň şehit bolmagy üçin gynanç bildirip bu iki şehit üçin Taňrynyň rehim-şepagatyny diledi.