Zarif Pars aýlagyndaky goňşularyna ýüzlenýär: Eýran Günbatar bilen sebit barada gepleşik geçirmez
Eýranyň Daşary işler ministri Pars aýlagyndaky goňşy ýurtlara ýüzlenip: "Eýran Yslam Respublikasy Günbatar bilen sebit barada gepleşik geçirmez" -diýdi.
Daşary işler ministrliginiň maglumat we metbugat sekretarynyň habar bermegine görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni Pars aýlagynyň goňşy ýurtlaryna arap dilinde twit ýazyp,mälim bolşyndan käbir goňşy ýurtlar Günbatardan Eýran bilen gepleşikleriň bir bölegi bolmagyny islän ýaly diýip beýan etdi.
Zarif sözüniň dowamynda Eýran Günbatar bilen sebit barada gepleşik geçirmeýär, sebäbi esasy mesele we kynçylyk olaryň sebite gatyşmagydyr diýdi.
Şol bir wagtyň özünde Eýranyň daşary işler ministri Tähranyň goňşulary bilen gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtmak bilen 1986-njy ýyldaky sebit howpsuzlygy, 2016 sebit gepleşik ýygnagy we 2019-njy ýyldaky Hormoz parahatçylyk başlangyjy ýaly meýilnamalar muny görkezýär diýip nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" düýn Saud Arabystany bilen Bahreýniň ABŞ-nyň Eýran bilen bolup biljek gepleşiklerine gatnaşmagyny haýyş edendigine yşarat edip käbir ýurtlar Ak tamyň prezidentlik wezipesinden aýrylyp barýan prezidentinden öz maksatlaryna ýetmek üçin elinden gelenini etdiler we halkynyň pullaryny birnäçe günläp howpsuzlyk satyn almak üçin kompaniýalara sarp etdiler diýdi.