Eýranda koronadan ölenleriň sany 323 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 11000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 323 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 11 müň 23 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 1,710-sy keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň bir million 62 müň 397-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 323 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 50 müň 917 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 754,224 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 68 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,552,000-si öldi we 47,000,000 adam sagaldy.
Amerikada 15 milliondan gowrak adama koronawirusy ýokaşdy we azyndan 290,000 adam öldi.