Rabiee: Täze sentrifugalary oturtmak, Eýranyň borçlaryny azaltmagyň çäginde
Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary Ýewropa Troikasynyň Natanzda täze sentrifugalary oturtmak baradaky aladasyna yşarat edip Eýranyň Natanzda 500 sentrifugany oturtmagy ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy sebäpli borçnamalaryň deňagramly azalmagyna laýyk gelýär diýdi.
ýadro ylalaşygyna agza ýurtlary bolýan Angliýa, Germaniýa we Fransiýa düýn (duşenbe) bir beýannamada ýadro şertnama boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki kemçiliklerini yşarat etmezden Eýranyň Natanzda has köp sentrifugany oturtmak meselesine alada bildirdiler.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran döwletiniň metbugat sekretary "Ali Rabiei" sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Natanzda oturdylan sentrifugalar IR2M nesilinden bolup urany baýlaşdyryş kuwwaty IR1-den takmynan 6 esse köpdir diýdi.
Şol sebäpden, Eýranyň ýadro ylalaşyk boýunça borçlaryny azaltmak işleri bäş ädimiň çäginde edilen işleridir we bu mesele Halkara Atom Energiýasy Guramasyna habar berildi we bu nesil sentrifugalary gurmak Agentligiň gözegçiligi astynda edildi.
Eýran döwletiniň metbugat sekretary Ýaponiýa we Pars aýlag ýurtlary ýaly käbir ýurtlaryň resmileriniň ýadro ylalaşygy gepleşiklerine gatnaşmak isleýändikleri baradaky isleglerine yşarat edip Eýran Ýaponiýanyň dostlukly ýurt we halkara gatnaşyklarynda möhüm hyzmatdaş hökmünde geljekdäki roluny garşy alýar ýöne ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleri Tähranyň nukdaýnazaryndan tamamlanandyr diýdi.
Rabiei şeýle-de başga bir agzanyň oňa goşular ýaly ýadro ylalaşygy barada täzeden gepleşik geçirilmez diýmek bilen diňe galan mesele ýadro ylalaşygy şertnamasy boýunça ähli taraplaryň borçnamalaryna gaýdyp gelmegidir diýip beýan etdi.