Ruhani: Eýranyň islegi, Azerbaýjan respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek
(last modified Wed, 09 Dec 2020 13:55:35 GMT )
Dec 09, 2020 18:55 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýranyň islegi, Azerbaýjan respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tehran bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklary gowy we doganlyk diýip atlandyrdy we: "Eýran Yslam Respublikasynyň islegi Azerbaýjan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek" diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Nagorno-Garabag dawasy baradaky açyk pozisiýalaryna yşarat edip, sebitdäki söweşiň gutarmagyna we basyp alnan ýerleriň azat edilmegine we atyşygyň ýatyrylmagyna  kanagatlanma bildirdi.

Ruhani, şeýle hem, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň serhetlerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp  Nagorno-Garabag söweşinden zewar gören sebitleriň durkunyň täzelenmegine Eýranyň gatnaşmagy iki ýurda peýdaly bolar diýdi.

Eýranyň prezidenti Tehran bilen Bakuwyň arasynda Raşt-Astara demir ýol taslamasy ýaly ozalky şertnamalara salgylanyp, şertnamalaryň ýerine ýetirilişini we işini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ruhani sözüniň dowamynda"Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň bilelikdäki taslamalarynyň, şol sanda Hodaafarin bendini we elektrik stansiýasynyň gurluşygyny öz içine alýan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertler bar we iki ýurt senagat, ylym, dermanhana we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyny artdyryp bilerler diýip nygtady.

Jeýhun Baýramow, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bitewiligi üçin berýän goldawyna ýokary baha berip Iki ýurduň araçägi dostlugyň we ösüşiň serhedidir, Azerbaýjan Respublikasynyň basyp alan ýerleriniň azat edilmegi we Eýran bilen 132 kilometr araçäkiň dikeldilmegi iki ýurt üçin täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny döredip biler diýip beýan etdi.

 

Tags