Zarif: Khaf-Hyrat demir ýoly sebitiň durnuklylygyna we ösüşine goşant goşýar
Dec 09, 2020 15:39 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministri Khaf-Hyrat demir ýolunyň diňe Eýran we Owganystan bilen çäklenmeýändigini belläp, demir ýoluň sebiti durnuklaşdyrmaga we ösdürmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif çarşenbe güni Khaf-Hyrat demir ýolunyň açylyşynyň öňüsyrasynda twitter hasabynda "Khaf-Hyrat demir ýolunyň ähmiýeti diňe bir Eýran we Owganystan bilen çäklenmän, sebit üçin hem möhümdir" diýip ýazdy.
Khaf-Hyrat demir ýoly ertir (penşenbe) Eýranyň we Owganystanyň prezidentleri Hasan Ruhani we Muhammet Aşraf Gani bilen bilelikde açylar.