Gozgalaňlaryň lideri jezalandyryldy we asyldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9536-gozgalaňlaryň_lideri_jezalandyryldy_we_asyldy
Amad news telegram kanalynyň müdiri Ruhollah Zam jezalandyryldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 12, 2020 06:40 Asia/Ashgabat
  • Gozgalaňlaryň lideri jezalandyryldy we asyldy

Amad news telegram kanalynyň müdiri Ruhollah Zam jezalandyryldy.

Tele-Radio habar gullugynyň habaryna görä, özüni Eýrandaky bidüzgünçilikleriň lideri hasaplaýan Amad news telegram kanalynyň müdiri şu gün irden (şenbe) eden işleri üçin jezalandyryldy we asyldy.

Birnäçe ýyl bäri ýurtdan daşaryda rewolýusiýa garşy we içaly gulluklaryň elinde gural bolan we Eýran Yslam Respublikasyna garşy ýalan habar ýaýradan Amad News atly telegramma kanalyny açan Ruhollah Zam, bir näçe wagt mundan ozal Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň aňtaw guramasy tarapyndan tussag edildi.

Amad news telegram kanaly, umytsyzlygy döretmek we Eýran Yslam Respublikasynyň jogapkärlerine garşy ýalan habarlar ýaýratmak bilen, duşmanlaryň we içaly hyzmatlarynyň isleglerini güýçlendirmek maksady bilen jemgyýetçilik pikirini şantaj etmek we aldamak isledi.