Amir Abdullahian: Türkiýäniň prezidentiniň separatistik sözleri geň galdyryjydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9537-amir_abdullahian_türkiýäniň_prezidentiniň_separatistik_sözleri_geň_galdyryjydyr
Eýranyň parlament başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi, Türkiýäniň prezidentiniň separatistik sözlerini geň galdyryjy bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 12, 2020 07:03 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Türkiýäniň prezidentiniň separatistik sözleri geň galdyryjydyr

Eýranyň parlament başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi, Türkiýäniň prezidentiniň separatistik sözlerini geň galdyryjy bildi.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdullahian Twitterde Türkiýäniň prezidentiniň soňky sözlerine jogap edip: Goňşuçylyk bilen ýurt açmak perspektiwasynyň arasynda tapawut bardyr diýmek bilen oňa ýüzlenip Türkiýäniň prezidenti, Eýranyň taryhyna, esasanam Eýran Yslam Respublikasynyň taryhyna göz aýlaň diýdi.

Ermeni basyp alan ýerleriniň azat edilmegi mynasybetli Azerbaýjan goşunlarynyň harby paradyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Bakua giden Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran-Azerbaýjan serhedindäki Aras derýasy barada birneme separatistik goşgy okady.

Muňa Eýran resmileriniň we Eýran ulanyjylarynyň internet giňişliginde, şol sanda Twitter-de ýiti reaksiýasy boldy.