Eýranda 221 adam korona keselinden öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 221 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 8 müň 201 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 1,286-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň bir million,100 müň 818-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 221 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 51 müň 949 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli ٍEýranda 800,853 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 71 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,603,000-si öldi we azyndan 50,000,000 adam sagaldy.