Ruhani: Eýran hökümetiniň ileri tutýan maksady, ykdysady uruş döwründe ejizlere goldaw bermek
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, jemgyýetiň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we jemgyýetiň gowşak gatlaklaryny goldamak üçin esasy harytlar bilen üpjün etmegiň hökümetiň ykdysady uruş şertlerinde ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni hökümetiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde şeýle diýdi: "Ykdysady söweşiň döwründe hökümet sanksiýalaryň basyşyna garamazdan halkyň durmuş meselelerini azaltmak üçin ähli tagallalary edýär diýdi."
Ruhani içerki bazaryň üýtgemegine gözegçilik etmek we esasy harytlaryň bahalarynyň, ýurtdaky inflýasiýanyň ýokarlanmagynyň öňüni almak, şeýle hem jemgyýetde degişlilikde abadançylygy döretmekligi Eýran hökümetiniň iň möhüm maksatlary hasaplady.
ol şeýle-de Esasy harytlar üçin daşary ýurt walýutasyny üpjün etmek we paýlamak makro syýasaty kärende gözlemek we korrupsiýa üçin esas bolmaly däldir diýip sözüne goşdy.