Eýranyň prezidenti: Eýrana garşy sanksiýalar gutarmalydyr
(last modified Mon, 14 Dec 2020 16:03:07 GMT )
Dec 14, 2020 21:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Eýrana garşy sanksiýalar gutarmalydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýrana garşy ýola berilip durlan zalymlykly sanksiýalar gutarmalydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşenbe güni içerki we daşary ýurtly journalistsurnalistler bilen bolan duşuşygynda Eýran hökümetiniň sütemli sanksiýalaryň soňlanmagynyň gijä galmagyna ýol bermejekdigini aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda täze döwletiň gelmegi bilen ýagdaý üýtgär we ABŞ-nyň häzirki prezidenti galan bolsada ýagdaý üýtgejekdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, döwletiň ýadro ylalaşygyny goramak üçin elinden gelenini gaýgyrmandygyny aýtmak bilen ABŞ-nyň häzirki prezidenti Donald Trumpyň esasy maksady, ýadro ylalaşygyny ýok etmekdi, ýöne muny edip bilmedi diýip nygtady.

Ruhani ýadro ylalaşygy diri saklamak we sebitiň durnuklylygy üçin hyzmatdaşlyk etmek Eýran Yslam Respublikasy üçin diýseň möhümdir we Trumpyň halkara forumlarda Eýrana garşy şowsuzlygynyň sebäbi Eýranyň beýleki ýurtlar we P4 + 1 bilen utgaşdyrylmagy we hyzmatdaşlygydyr diýdi.

Eýranyň ýerine ýetiriji güýjüniň başlygy Eýran Yslam Respublikasy dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam Orsýet we Hytaý bilen gatnaşyk gurmaga synanyşýar we Ýewropa Bileleşigi we goňşulary bilen hem gowy gatnaşyk gurmak isleýär diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň uly ýadro we goranmak alymy şehit bolan "Mohsen Fahrizadehiň" terror edilmegini, Trump administrasiýasynyň soňky günlerinde sebiti söweşe getirmek isleýänleriň işi hasaplamak bilen bu aralykda, Sionist  režimiň Şehit Fahrizadeni terror etmekde esasy maksady sebitde durnuksyzlygy we Trump administrasiýasynyň ahyrynda söweş döretmekdi diýdi.

Ruhani, Yslam respublikasynyň şehit Fahrizadeniň ganynyň aryny almagy öz hukugy hasaplaýandygyny we muny zerur ýerde we wagtynda etjekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözleriniň dowamynda Sebitiň durnuklylygy Yslam respublikasy üçin diýseň möhümdir, şonuň üçin geçen ýyl BMG Baş Assambleýasyna hödürlenen we Pars aýlagynda alty ýurda we Yraga iberilen Pars aýlagy üçin "Hormuzyň parahatçylygy" meýilnamasyny hödürledi diýdi.

Tags