Eýranyň we Şwesiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Dec 16, 2020 16:29 Asia/Ashgabat
Eýranyň we Şwesiýanyň Daşary işler ministrleri soňky halkara ösüşleri, sebit meselelerini, BMG Howpsuzlyk Geňeşi bilen baglanyşykly wakalary, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we konsullyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň ,Yemende we Owganystanda howpsuzlygyň berkarar edilmegi hemde ynsanperwer kömekleriň iberilmegi barada nygtap geçdiler.
Eýran bilen Şwesiýanyň daşary işler ministrleri sişenbe güni (24-nji noýabr) hem telefon arkaly söhbetdeşlikde özara gyzyklanýan meseleler boýunça pikir alyşypdylar.