Aragçi: Eýran ýadro ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin ähli çykdajylary çekip bilmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9584-aragçi_eýran_ýadro_ylalaşygy_durmuşa_geçirmek_üçin_ähli_çykdajylary_çekip_bilmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary ​​Eýran Yslam Respublikasy ýadro ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi we beýlekileriň bikanun hereketleri üçin ähli çykdajylary çekip bilmeýär diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Dec 16, 2020 19:02 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran ýadro ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin ähli çykdajylary çekip bilmeýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary ​​Eýran Yslam Respublikasy ýadro ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi we beýlekileriň bikanun hereketleri üçin ähli çykdajylary çekip bilmeýär diýdi.

Eýran Daşary işler ministrliginiň Syýasy orunbasary "Seýid Abbas Aragçi", wideo konferensiýasy bilen geçirilen Bilelikdäki komissiýanyň 17-nji ýygnagynda,  Eýranyň ýadro we goranmak boýunça öňdebaryjy alymy şehit "Mohsen Fakhrizadeh"iň terror edilmeginden soň üç Ýewropa hökümetiniň soňky pozisiýalaryna garşy çykyş edip Ýewropanyň üç hökümeti Eýranyň ýadro alymynyň rehimsizlik bilen terror edilmegini ýazgarmagyň ýerine jenaýat eden başga bir jenaýatçynyň kanuny jezasyny ýazgardylar diýip nygtady.

Eýran delegasiýasynyň başlygy ýadro ylalaşygy ýygnagynda şeýle-de Ýewropa taraplary ähli bikanun we duşmançylykly hereketleriň garşysynda şol sanda ABŞ-nyň sanksiýalary ýa-da Natanzdaky bozgunçylyklary we ýadro alymlarynyň terror edilmeginiň garşysynda, diňe Eýranyň saklanmagyny isleýär ýöne Eýran ýadro ylalaşygy durmuşa geçirmek we beýlekileriň bikanun hereketleri üçin ähli çykdajylary çekip bilmeýändigini aýdyp, ýadro ylalaşygy saklamak üçin beýlekiler çykdajylary tölemelidirler diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary, özlerini demokratiýa we düzgünlere ygrarly diýip atlandyrýan üç Ýewropa hökümetiniň, Eýran hökümetiniň demokratiýa ýörelgelerini äsgermezlik etmegine we Yslam şura mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunyň durmuşa geçirilmezligine garaşmaly däldigini aýtdy.