Zolnuri: Hiç bir ýurda Eýranyň goranyş mümkinçilikleri meselesine goşulmaga ýol berbermeris
Eýran Yslam Rspublikasynyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasy haýsydyr bir güýç ýa-da ýurduň Eýranyň goranyş mümkinçilikleri meselesine goşulmagyna ýol bermeýär diýdi.
Eýran Yslam Rspublikasynyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy "Mojtaba Zolnuri" çarşenbe güni EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda ýadro ylalaşygynda Eýranyň sebitleýin täsiri ýa-da goranyş mümkinçiliklerini azaltmak barada hiç hili täzeden gepleşik geçirmek borjy ýokdyr we bu ugurda hiç hili mesele ara alnyp maslahatlaşylyp bilinmez diýip nygtady.
Eýranyň mejlis wekili şeýle-de Eýran ýadro ylalaşygyň çarçubynda gepleşik geçirdi we borçlaryny ýerine ýetirdi, şoňa görä beýleki taraplar hem borçlaryny ýerine ýetirmelidirler diýdi.
Eýran Yslam Rspublikasynyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sözleriniň soňunda saýlanan ABŞ-nyň prezidenti "Donald Trump" -yň ykbalyndan sapak almaly we has akylly hereket etmelidir diýip nygtady.