Eýranda 178 adam korona keselinden öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagatda anyk keselli 178 hassanyň ölmegi bilen bu keselden ýurtda ölenleriň sany 53,273-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün (anna) günortana çenli soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 7121 täze näsag ýüze çykaryldy we 1085 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,145.651-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan 865,474 näsag gowulaşdy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýdi.
Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.
Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde 75 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 1,6 milliondan gowrak adam öldi.
Eýran, ilatyň sanyna garamazdan koronadan ölenleriň sany boýunça dünýäde sekizinji orunda durýar.
ABŞ-da, Braziliýada, Hindistanda, Meksikada, Italiýada, Angliýada we Fransiýada koronadan ölenleriň sany Eýrandan has köpdi.
Koronawirus bu kesele ýokaşan adamlaryň elleri, asgyrmak, üsgürmek we hatda dem alyş damjalary arkaly agz, burun we göz arkaly ýokaşýar.
Demiň gysmagy, ýadawlyk we bedeniň agyrmagy, tagam bozulmalary, iýmit siňdiriş problemalary kovid-19 keseliniň käbir alamatlarydyr.