Taht-e rwançi: Eýran Owganystandaky parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe ygrarlydyr
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýran Yslam Respublikasy Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi ýola goýmaga kömek etmek ugurda taýýardyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Majid Taht-e rwançi penşenbe güni Owganystan boýunça Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde beren gürrüňlerinde Eýran bilen Owganystanyň umumy dini, medeni, dil we taryhy aýratynlyklary bar we biziň durnuklylygymyz, sosial-medeni ösüşimiz we ykdysady ösüşimiz biri-biri bilen baglanyşykly we biri-birini güýçlendirjidir diýdi.
Taht-e rwançi şeýle-de Eýranyň prezidentiniň aýdyşy ýaly, Owganystanyň durnuklylygyny özümiziň durnuklylygymyz hasaplaýarys diýdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili sözüni şeýle dowam etdirdi: "Owganystandaky onlarça ýyllyk howp we durnuksyzlyk diňe owganlaryň, şol sanda Talyban ýaly ähli toparlaryň, goňşularyň we sebitleýin we halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen ähli taraplaýyn we öz içine alyjy parahatçylyk prosesi bilen tamamlanar.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi sözüniň dowamynda biz parahatçylyk gepleşiklerini goldaýarys we onuň üstünlikli tamamlanmagy ähli taraplaryň sabyrlylygyna we owgan halkynyň bähbitleriniň beýleki bähbitlerden ileri tutulmagyna baglydygyna ynanýarys diýip yglan etdi.
Ol Şeýle hem, daşary ýurt goşunynyň bardygyny daşary ýurt gatyşmagynyň we Owganystandaky durnuksyzlygyň başga bir çeşmesi hökmünde görkezdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili sözüniň üstüni ýetirdi: Şeýle-de bolsa, köp ýurtlaryň belleýşi ýaly, olaryň gitmegi meýilleşdirilen we jogapkär bolmaly we Owganystandaky howpsuzlyk boşlugyna sebäp bolmaly däldir.