Eýranda 177 adam korona keselinden öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagatda anyk keselli 177 hassanyň ölmegi bilen bu keselden ýurtda ölenleriň sany 53,625-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün günortana çenli soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 312 täze näsag ýüze çykaryldy we 805 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,158.348-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan 885,54 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.
Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde 76 million 700 müňden gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 1,6 milliondan gowrak adam öldi.
Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.