Ruhani: Eýran halky şepagatcylaryň hyzmatlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, lukmançylyk işgärleriniň, esasanam ýurduň şepagatcylar jemgyýetiniň pidakärçiliklerine we yhlaslaryna ýokary baha bermek bilen Şepagatçylaryň pidakärçilikleri taryhda ýazylar we Eýran halky bu ezizleriň hyzmatlaryny asla ýatdan çykarmaz diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni keselhanalardaky şepagatçylaryň gününi hatyralamak dabarasynda Hezreti Zeinab Kobranyň (sa) doglan gününi we şepagatçylaryň gününi gutlamak bilen häzirki wagtda ýurduň saglygy goraýyş işine jogapkär işgärlere diňe bir Eýranlylar däl, eýsem Eýranly bolmadyklar hem ynanýarlar we operasiýa zerur bolsa Ýewropada ýaşaýan adamlar hem Eýrana gelýärler bu bolsa Eýran üçin buýsançdyr diýip nygtady.
Ruhani Hezreti Zeinab Kobrany Eýranyň şepagatçylar jemgyýetiniň çalşyp bolmajak nusgasy hasaplamak bilen şeýle diýdi:şübhesiz, girizilen urşuň 8 ýyl döwri, ykdysady söweş döwri we Korona meselesi Eýran halky üçin uly synaglaryň biri boldy elbetde, ilatyň dürli gatlaklary, esasanam bu ugurlarda meýletin bolan lukmançylyk işgärleri bu synaglarda buýsanýardylar we üstünlik gazandylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Lukmana, şepagatça we bejeriş jemgyýetine hemişe hormat goýulýar, ýöne soňky 10 aýda howp abanýan meýdançadan çykmaýandyklary sebäpli sosial ýagdaýy ýokarlandy diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, saglygy goraýyş pudagynyň döwletiň ileri tutýan ugurlaryndan biridigini aýtmak bilen soňky 7 ýylda 36,000 täze hassahana düşegi goşuldy, hassahana düşekleriniň 40% -i düýbünden täzelendi we ICU düşekleriniň sany iki esse artdyrlandygyny aýtdy.