Eýran-Russiýanyň, nebit we gaz boýunça tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ylalaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9614-eýran_russiýanyň_nebit_we_gaz_boýunça_tehniki_hyzmatdaşlygy_ösdürmek_baradaky_ylalaşygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Russiýa bilen nebit we gaz pudagynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk bolanlygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 21, 2020 20:29 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Russiýanyň, nebit we gaz boýunça tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ylalaşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Russiýa bilen nebit we gaz pudagynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk bolanlygyny yglan etdi.

Dünýä nebit bazarynyň ýagdaýyny gözden geçirmek üçin Moskwa giden Eýranyň nebit ministri Bižan Zanganeh, Duşenbe güni premýer-ministriň orunbasary Aleksandr Nowak we Russiýanyň energiýa ministri Nikolaý Şulginow bilen geçiren gepleşiklerine yşarat edip Bu duşuşyklarda dünýäniň nebit bazary ara alnyp maslahatlaşyldy diýdi.

Zanganeh, soňky ýyllarda dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmakda Russiýanyň möhüm rol oýnandygyny aýdyp Bu saparda, Tehran bilen Moskwanyň nebit bazaryndaky çynlakaý hyzmatdaşlygyna garamak bilen , OPEK Plus barada hem pikir alşyldy we duşuşykda iki tarapyň pikirleri ýakyn bolandy diýip beýan etdi.