Rabiei: Ýewropalylar ýadro ylalaşykdaky borçnamalaryna gaýdyp gelmelidirler
Eýran döwletiniň metbugat sekretary Ýewropa ýurtlary aladasyny bildirmegiň ýerine, ýadro ylalaşygyny saklamak üçin Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndaky borçnamalaryna gaýdyp gelmelidirler diýdi.
Eýranyň döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei sişenbe güni wirtual görnüşinde geçirilen metbugat ýygnagynda Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň borçlaryny bozmagyň netijeleriniň çynlakaýdygy we Eýranyň bu ylalaşygyň ähli düzgünlerini berjaý etmelidigi baradaky toslamalarynyň jogabynda Eýran Yslam Respublikasy, borçnamalary bozmak meselesinde we ABŞ we Ýewropanyň borçlaryny düýpden berjaý etmezlige garşy Şikaýatçy tarapdyr diýdi.
Rabiei şeýle-de Eýranyň öz borçlaryny birtaraplaýyn ýerine ýetirip bilmejekdigi aýtmak bilen Ýewropa ýurtlary alada bildirmegiň ýerine, hemmeleriň bähbidine bolan ýadro ylalaşygy goramak üçin borçnamalaryna gaýdyp gelsin diýdi.
Rabiei sözüniň dowamynda Fransiýa we beýleki Ýewropa taraplary hakykatdanam ýadro ylalaşygy Eýrana peýdaly görnüşde goldamak we dikeltmek isleýän bolsalar,ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmeli we Eýrana garşy berk sanksiýalary ýatyrmalydyrlar diýip beýan etdi.