Eýranyň Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky dawany hemişelik çözmäge kömek etmäge taýýardygy
Eýranyň Prezidentiniň Edarasynyň başlygy Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky harby çaknyşygyň gutaranyna kanagatlanma bildirdi we Eýran Yslam Respublikasynyň Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky dawany hemişelik we kesgitli çözmäge kömek etmäge taýýarlygyny yglan etdi.
Eýranyň prezidentiniň edarasynyň başlygy Mahmud Vaezi sişenbe güni agşam Tehranda Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şahin Mustafaýew bilen geçiren duşuşygynda agzalalyklaryň, esasanam goňşularyň arasyndaky jedeller gepleşikler arkaly çözülmeli we daşary ýurt gatyşmagy diňe sebitdäki parahatçylyga we durnuklylyga howp salýan we dawalary güýçlendirýär diýip nygtady.
Vezi, Eýran-Russiýa-Azerbaýjan ýurtlarynyň üç taraplaýyn sammiti ýa-da Eýran-Azerbaýjan-Russiýa-Türkiýe-Ermenistan ýaly köptaraplaýyn ýygnaklaryň geçirilmeginiň goňşy ýurtlary biri-birine ýakynlaşdyrjakdygyny we konstruktiw we peýdaly sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürjekdigini aýtdy.
Şahin Mustafaew Azerbaýjan respublikasynyň ähli ýurtlaryň territorial bitewiligine hemişe hormat goýýandygyny aýtmak bilen bir wagtda Uly ýurt we dostlukly we dogan goňşy hökmünde Eýran Azerbaýjan Respublikasynyň halkynyň we hökümetiniň arasynda aýratyn orny eýeleýär diýip yglan etdi.