Eýranda 152 adam korona keselinden öldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9645-eýranda_152_adam_korona_keselinden_öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagatda anyk keselli 152 hassanyň ölmegi bilen bu keselden ýurtda ölenleriň sany 54,308-e ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 24, 2020 13:13 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 152 adam korona keselinden öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagatda anyk keselli 152 hassanyň ölmegi bilen bu keselden ýurtda ölenleriň sany 54,308-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 178 täze näsag ýüze çykaryldy we 924 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,183.182-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan 924,685 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.

Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde 77 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 1,7 milliondan gowrak adam öldi.

Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.

Koronawirus bu kesele ýokaşan adamlaryň elleri, asgyrmak, üsgürmek we hatda dem alyş damjalary arkaly agz, burun we göz arkaly ýokaşýar.

Demiň gysmagy, ýadawlyk we bedeniň agyrmagy, tagam bozulmalary, iýmit siňdiriş problemalary kovid-19 keseliniň käbir alamatlarydyr.