Zarif: Eýran taryhda hemişe işjeň aktýor bolupdy
Dec 27, 2020 19:34 Asia/Ashgabat
"Eýran taryhda elmydama işjeň aktýor bolupdy" diýip Eýranyň Daşary işler ministri aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, ýekşenbe güni geçirilen Eýranyň Daşary gatnaşyklaryň taryhy boýunça dördünji konferensiýada, daşary gatnaşyklaryň taryhy bilen baglanyşykly giňişleýin gözlegleriň möhüm ugurdygyny aýdyp Eýranyň daşary gatnaşyklarynyň taryhy, milli we territorial şahsyýetimiziň we eýranlylaryň köpçülikleýin ýadynyň bir bölegini emele getirýän gyzykly wakalaryň, başdan geçirmeleriň we wakalaryň baý ýygyndysydyr we ony öwrenmek şu gün üçin köp sapaklara eýedir diýip nygtady.