Eýranda 121 adam korona keselinden öldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9667-eýranda_121_adam_korona_keselinden_öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 121 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 54,814-e ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 28, 2020 13:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 121 adam korona keselinden öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 121 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 54,814-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 5 müň 908 täze näsag ýüze çykaryldy we 798 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,206.373-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan 960,751 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.

Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde 81 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 1 million 770 müňden gowrak adam öldi.

Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.