Zarif: Waşington sebitde Mümkin bolan bidüzgznçilikleriniň jogapkäridir
Eýranyň Daşary işler ministri Kuweýtdäki kärdeşi bilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň Pars aýlagynda edýän bidüzgünçiliklerine salgylanyp Waşingtony bolup biljek başdan geçirmeleriň netijesi üçin jogapkär bildi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Baş maglumat we metbugat sekretarynyň anna güni beren hasabatyna görä,Kuweýtiň Daşary işler ministri Şeýh Ahmad Nasser Al-Muhammet Sabah, täze ýylyň başynda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Sebitdäki özgerişleri ara alyp maslahatlaşdy.
Bu söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri, Yslam respublikasynyň daşary ýurt gatyşmalaryndan uzakda durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky pozisiýasyny düşündirmekden başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sebitdäki käbir şübheli we hyýanatçylykly hereketlerine ünsi çekdi we şeýle diýdi: Waşington Mümkin bolan bidüzgznçilikleriniň jogapkäridir.