Eýranda 114 adam korona keselinden öldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9699-eýranda_114_adam_korona_keselinden_öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 114 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 55,337-e ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 01, 2021 12:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 114 adam korona keselinden öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 114 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 55,337-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 286 täze näsag ýüze çykaryldy we 803 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,231.429-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan 995,570 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.

Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde takmynan 84 million adama ýokaşdy we bu keselden 1 million 828 müňden gowrak adam öldi.

Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.

Amerikada 20 milliondan gowrak adama korona wirusy ýokaşdy we azyndan 354,000 adam pida boldy.