Hatibzadeh: Amerikanyň pyturçylyklary biziň gözümizden gizlenmeýär
Jan 04, 2021 17:00 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň sebitdäki hereketlerine yşarat edip Waşingtonyň pyturçylyklary gözümizden gizlenmeýär we biz olaryň Yrakdaky we sebitdäki gizlin hereketlerine syn edýäris diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni metbugat ýygnagynda Kudsi basyp alyjy režimiň wekilleriniň we ýaranlarynyň roly käbir dartgynlylyklarda, esasanam Yrakda görünýär diýmek bilen Eýran sebitde dartgynlyk gözlemeýär, ýöne serhetlerini we bitewiligini goramakdan çekinmeýär we islendik agressiýa göni we aç-açan jogap berer diýip yglan etdi.