Ruhani: Hiç bir maýa goýujy özüni Goragsyz duýmaly däldir
(last modified Tue, 05 Jan 2021 13:14:06 GMT )
Jan 05, 2021 18:14 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Hiç bir maýa goýujy özüni Goragsyz duýmaly däldir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtda kanuny işleýän hiç bir maýa goýujy ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy taýdan howp duýmaly däldirler diýip beýan etdi.

Prezidentiň maglumat bazasynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Ykdysady utgaşdyryş merkeziniň ýüz togsan dördünji ýygnagynda her bir ýurtda maýa goýumlarynyň ösüşiniň şol ýurdyň ykdysady ösüşiniň we gülläp ösmeginiň möhüm böleklerinden biridigini aýtmak bilen şeýle-de diýdi:  Maýanyň ýurdy terk etmegine bolan höwesleri aýyrmak we daşary ýurtlardan maýa çekmegi höweslendirmek ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşinde we kuwwatynda iki esasy ädimdir.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hökümet bilen hususy pudagyň arasyndaky howpsuzlygy we özara ynamy maýa çekmekde esasy we uly element hasaplamak bilen şeýle diýdi:ýurtda kanuny taýdan maýa goýýan hiç bir maýa goýujy ýurduň ösüşine gatnaşmak prosesinde ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy taýdan howp duýmaly däldirler.

prezident Ruhani şeýle-de, duşmanyň sanksiýalardan maksadynyň,ýurduň düýp gurluşyklarynyň ösmeginde we ýurduň ösüşinde maýa goýumlarynyň öňüni almakdygyny aýtmak bilen döwlet elmydama kyn kanunlary we düzgünleri ýok etmek bilen maýalary ýurda çekmek üçin ýerilk döredip şeýlelik bilen sanksiýalary zyýansyzlandyrýar we çydamly ykdysadyýetde önümçiligiň ösmegine sebäp bolýar diýip aýtdy.

Tags