Raisi: Günbataryň Eýrana garşy iň ýokary basyşy şowsuz boldy
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy günbatar akyldarlarynyň we analitikleriniň pikiriçe, Günbatar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy edýän iň ýokary basyşyşowsuz bolandyr diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Hojjatoleslam "Seýed Ybrahim Raisi" penşenbe güni Eýranyň günbataryndaky Kermanshahda duşman tarapyndan abanýan howplar we sanksiýalar meselesine yşarat edip duşmanyň iň ýokary basyşy şowsuz boldy we ABŞ we Günbatar ony döretmekde dartgynlylyga ýetdiler diýdi.
Günbatar Aziýa sebitindäki ýagdaýa ünsi çekip, Raisi: ABŞ we Iňlisiň goldaýan güýçleriň ähli dildüwşüklerine garamazdan, Eýran sebitde esasy orny eýeleýär we howpsuzlygyny üpjün edýär.
Eýranyň kazyýet başlygy şehit bolan general "Gassem Soleýmanyň" hatyrasyna hormat goýmak bilen duşmanyň ähli tagallalaryna garamazdan, bu ýokary derejeli şehit sebitiň howpsuzlygyny üpjün etdi we köp düwüni açdy diýdi.