Ruhani: Eýran halky daşary ýurt sanjymlary üçin synagdan geçirilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran halky daşary ýurt sanjymlaryny barlamagyň serişdesi däldir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Tähranda Milli Korona garşy Baş edaranyň 51-nji ýygnagynda beren gürrüňlerinde daşary ýurt kompaniýalary Eýrana halk arasynda synag edilmegi üçin sanjymlar bermek islediler, ýöne Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi munuň öňüni aldy diýip nygtady.
Ruhani korona sanjymyny satyn almak baradaky käbir myş-myşlara salgylanyp Radio, telewideniýe we habar beriş serişdeleri şeýle myş-myşlara garşy durmaly we halk bolsa diňe Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmenleriniň sözlerine gulak asmaly we hyýanatçylar tarapyndan aldanmaly däldir diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sanjymlary taýýarlamagyň we satyn almagyň hökümetiň ileri tutýanmeselesidigini aýtmak bilen Sanjym edilmegi, saglygy goraýyş protokollaryň berjaý edilmezligini aňlatmaly däldir diýdi.
Ruhani şeýle-de Korona sanjymynyň täsiri egerde 100% bolsada, onuň täsiriniň peýda bolmagy üçin birnäçe hepde gerek bolar ýöne hiç bir sanjymyň beýle täsiri ýokdyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözleriniň soňunda dünýädäki her bir adam diýen ýaly ähli adamlara ýeterlik sanjym bar bolsa-da, azyndan 5-6 aýlap saglyk görkezmelerini berjaý etmegi maslahat berilýär, şonuň üçin Eýran halky gün tertibinde saglyk görkezmelerini berjaý etmelidirler diýdi.