Galibaf: Günbatar toplumy Eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmeli
Günbatar ýurtlaryna ýüzlenip, Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlisbaşlygy: "Günbatar toplumy, eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmelidigini bilmelidir we Eýran halkyna basyş etse, degişli bahany tölemäge taýyn bolmalydyr" -diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni açyk mejlisde Tehranyň duşmana garşy esasy strategiýasynyň sanksiýalary güýçden düşürmekdigini aýdyp ýadro ylalaşygy Eýran üçin mukaddes şertnama däl, emma Yslam respublikasy tarapyndan sanksiýalary ýatyrmak şerti bilen kabul edildi diýip yglan etdi.
Galibaf Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşyga gaýdyp gelmeginiň Eýran üçin möhüm däldigini belläp: "Eýran üçin sanksiýalaryň amaly we görnükli ýatyrylmagy möhümdir" diýdi.