Galibaf: Günbatar toplumy Eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9774-galibaf_günbatar_toplumy_eýran_halkynyň_hukuklaryny_ykrar_etmeli
Günbatar ýurtlaryna ýüzlenip, Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlisbaşlygy: "Günbatar toplumy, eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmelidigini bilmelidir we Eýran halkyna basyş etse, degişli bahany tölemäge taýyn bolmalydyr" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 10, 2021 09:58 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Günbatar toplumy Eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmeli

Günbatar ýurtlaryna ýüzlenip, Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlisbaşlygy: "Günbatar toplumy, eýran halkynyň hukuklaryny ykrar etmelidigini bilmelidir we Eýran halkyna basyş etse, degişli bahany tölemäge taýyn bolmalydyr" -diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni açyk mejlisde Tehranyň duşmana garşy esasy strategiýasynyň sanksiýalary güýçden düşürmekdigini aýdyp ýadro ylalaşygy Eýran üçin mukaddes şertnama däl, emma Yslam respublikasy tarapyndan sanksiýalary ýatyrmak şerti bilen kabul edildi diýip yglan etdi.

Galibaf Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşyga gaýdyp gelmeginiň Eýran üçin möhüm däldigini belläp: "Eýran üçin sanksiýalaryň amaly we görnükli ýatyrylmagy möhümdir" diýdi.