Eýranda 91 adam korona keselinden öldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9778-eýranda_91_adam_korona_keselinden_öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 91 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 56,262-e ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 11, 2021 13:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 91 adam korona keselinden öldi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 91 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 56,262-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky statistikasy barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 208 täze näsag ýüze çykaryldy we 642 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,292.614-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan bir million 81 müň 736 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.

Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde takmynan 90 million adama ýokaşdy we bu keselden 1 million 930 müňden gowrak adam öldi.

Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.