Waezi:Pompeo-yň toslamasy ruhy söweşdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9796-waezi_pompeo_yň_toslamasy_ruhy_söweşdir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň "Al-Kaýdanyň" Eýranda ýerleşýändigi baradaky toslamasyny ruhy söweş, hasaplamak bilen Eýran beýle sözlerden aladalanmaýar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 13, 2021 12:41 Asia/Ashgabat
  • Waezi:Pompeo-yň toslamasy ruhy söweşdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň "Al-Kaýdanyň" Eýranda ýerleşýändigi baradaky toslamasyny ruhy söweş, hasaplamak bilen Eýran beýle sözlerden aladalanmaýar diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy "Mahmud Vaezi" beren gürrüňlerinde Maýk Pompeonyň şeýle aýdanlary we talaplary ABŞ-nyň häzirki administrasiýasynyň we Trump administrasiýasynyň syýasy durmuşynyň gutaran günlerinde tebigy zatdyr diýmek bilen Eýran şeýle talaplaryň satyn alynmaýandygyna we beýleki taraplaryň oňa üns bermejekdigine ynanýar diýip aýtdy.

Eýranyň prezident edarasynyň başlygy: Trump administrasiýasynyň soňky 4 ýylda alyp baran ýalňyş syýasatlary, soňky iki hepdede ABŞ-da bolup geçen wakalar bilen deňeşdirilende özüni has köp görkezdi diýdi.

Mahmud Waezi sözüniň dowamynda Trump administrasiýasy tarapyndan döredilen biabyraýçylyk bilen Pompeonyň beýle aýyplamalar we beýanatlar etmegi tebigy zatdyr diýdi.

"Al-Kaýda" terrorçylyk topary 1980-nji ýyllarda Saud Arabystanynyň raýaty Osama bin Laden tarapyndan döredildi.

Bu terror topary, öňki Sowet Soýuzyna garşy durmak üçin ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň goldawy bilen döredildi.