Eýranda 97 adam korona keselinden öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Soňky 24 sagadyň dowamynda anyk keseli bolan 97 hassanyň ölmegi bilen Eýranda koronada ölenleriň sany 56,457-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" ýurtda korona näsaglarynyň we pidalaryň soňky sanawlary barada gürrüň gozgap Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda 6 müň 317 täze näsag ýüze çykaryldy we 653 adam keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Sadat Lari, Eýranda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,305.339-e ýetendigini mälim etmek bilen olardan bir million 94 müň 388 näsag gowulaşdy we keselhanalardan çykaryldy diýdi.
Resmi maglumatlara görä, “kovid-19” keseli dünýäde azyndan 92 million adama ýokaşdy we bu keselden 1 million 972 müňden gowrak adam öldi.
Koronawirus-19 wirusy 2019-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykdy we gysga wagtda bütin dünýäde ýaýrady, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda pandemiýany tassyklady.