Sanksiýalar ýatyrylmasa IAEA -nyň Eýranyň ýadro desgalaryna girişi kesiler
Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Sanksiýalar ýatyrylman halatynda, IAEA-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna girişi kesiler diýdi.
Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Mojtaba Zolanuri şu gün beren gürrüňlerinde kabul edilen kanuna laýyklykda sanksiýalary ýatyrmak we milletiň hem-de milli bähbitleri goramak üçin strategiki çäre esasynda, Ýewropalylar bank we maliýe sanksiýalaryny ýatyrmak we nebit satuwyny kadalaşdyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmese, Halkara Atom Energiýasy agentligi Eýranyň ýadro desgalaryna girişi 21-nji fewralda kesiler we Goşmaça teswirnamanyň durmuşa geçirilmegi togtadylýar.
Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sözüniň dowamynda Sanksiýalar dowam etdirilse, Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy we inspektorlary bilen gatnaşygy NPT derejesinde bolar we Agentlige mundan beýläk ýaňky hetden artyk hiç hili ygtyýar berilmez we agentlik kameralary ýygnalar diýdi.