Ruhani: Eýrany zorluk bilen agdarjak bolýanlar masgaraçylyk bilen agdaryldylar
Eýranyň prezidenti Pars aýlagynyň Bidboland gaz gaýtadan işleýän zawodyny sebitdäki iň uly taslamalaryň biri diýip atlandyrmak bilen zorluk bilen Eýranyň agdaryljakdygyny toslanlar masgaraçylykda agdaryldylar diýdi.
Günbatar Aziýanyň iň uly gazy gaýtadan işleýän zawody hökmünde Bidboland Pars aýlagyndaky zawod, penşenbe güni Huzestan welaýatynda Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniniň buýrugy bilen işe girizildi.
Eýranyň prezidenti wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen bu milli meýilnamanyň açylyş dabarasynda şeýle diýdi: Eýran milletine garşy dildüwşük guran we meýilleşdirenleriň hereketleri, bütin dünýä we halklara we Amerikan halkyna görgüli durmuşynyň soňky günlerinde aýdyň boldy we hemmelere olaryň näderejede demokratik däldigini gördiler.
Ruhani, Eýranyň sebitde energiýa çeşmeleri babatynda aýratyn we möhüm pozisiýasynyň bardygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy 32,000 milliard kub metr gaz bilen dünýäniň iň uly gaz çeşmesidir diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti, ýurduň nebit we gaz pudagyndaky aýratyn ornuna yşarat edip dünýä Eýranyň nebit-gazyna mätäç, Yslam respublikasy bolsa elektrik we gaz öndürmekde we eksport etmekde sebitiň merkezi bolup biler diýdi.
Pars aýlagynyň uly Bidboland gazy gaýtadan işleýän zawody, sanksiýalaryň iň ýokary derejesinde içerki hünärmenler tarapyndan gurlan Eýranyň taryhynda iň uly taslamalaryň biridir we esasy wezipesi nebit (ftorly gazlar) bilen gaz ýygnamak we ony nebithimiýa çylşyrymly iýmitine öwürmekdyr.
Bidboland Pars aýlagyndaky gazy gaýtadan işleýän zawod, içerki kuwwatyna daýanmak bilen 3 milliard 400 million dollar maýa goýum bilen we 36 aýyň içinde işe başlady.
Bu gazy gaýtadan işleýän zawodyň işi, Eýran üçin ýylda 700 million dollardan gowrak girdeji gazanýar.