Zarif sebit ýurtlaryna sapar edýär
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Azerbaýjan Respublikasyna, Orsýete, Ermenistana, Gruziýa we Türkiýä syýahat edýär.
Şu gün Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadehyň yglan edmegine görä şu hepdäniň duşenbe güni Muhammet Jawad Zarif bir delegasiýa ýolbaşçylyk edip Azerbaýjan Respublikasyna, Orsýet Federasiýasyna, Ermenistan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna we Türkiýe Respublikasyna sapar etjekdir.
Hatibzadeh sözüniň dowamynda Eýranyň Daşary işler ministri bu saparlarynda kärdeşleri we bu ýurtlaryň beýleki işgärleri bilen duşuşar diýip habar berdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu sapary düşündirip: "Bu sapar ikitaraplaýyn meselelere, Kawkazdaky soňky wakalara, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmek üçin dowam edýän taslamalara we ugurlara gönükdiriler" -diýdi.