Ruhani, Eýranda täze koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin gözegçiligiň güýçlendirilmegini nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtda täze koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Milli Korona garşy Baş edaranyň mejlisinde saglyk görkezmelerini berjaý etmekde jemgyýetçilik tagallalary we hyzmatdaşlygy netijesinde ölümleriň azalmagyny, Eýran halkynyň we hökümetiniň Korona garşy göreşde buýsançly işlerinden bildi.
Ruhani sözüniň dowamynda geçen ýylda lukmançylyk işgärleri, Basij, hökümete dahylsyz guramalar we beýleki guramalar korona wirusyna garşy göreşmek üçin bilelikde işlediler we görülýän çäreler bilen soňky bir-iki hepde-de Eýranda ölenleriň sany azaldy diýdi.
Eýranyň prezidenti, ýurtda korona keseli sebäpli keselleri we ölümleri azaltmak prosesini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtmak bilen sanjym amalyny geçirmek üçin iň bolmanda ýakyn bäş-alty aýyň içinde saglyk protokollaryny üns bilen berjaý etmelidigini aýtdy.
Ruhani içerki we daşary ýurt sanjymlary babatynda gowy çäreleriň görülendigini aýtmak bilen Içerki sanjym pudagynda ýakyn wagtda üç sanjym alarys: Barakat, Razi we Pasteur we daşary ýurt sanjymy barada hem, kwoks sanjymyndan başga, biz ony beýleki ýerlerden almaga synanyşýarys we şu aýda ýurda sanjym etmek üçin ähli tagallalar edilýär diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti sözleriniň ahyrynda Täze wirusyň Eýrana Ýewropadan we Afrikadan girmeginiň öňüni almak üçin ýurduň howa menzillerine we ähli giriş nokatlaryna ünsli gözegçilik etmelidigini aýtdy.